Turkmenportal logo
13.06.2024
1431314313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Eýranyň raýatlary üçin saýlaw uçastogy açylar

28-nji iýunda Eýranda ýurduň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Ses berişlige Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary hem gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.


Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habaryna görä, 28-nji iýunda diplomatik wekilhanasynyň binasynda saýlaw uçastogy guralar. Türkmenistandaky Eýranyň raýatlary ilçihanda Prezidentlige dalaşgär üçin ses berip bilerler.


Saýlawçylaryň ýanynda ses bermek üçin resmi pasporty bolmaly. Ilçihanadaky saýlaw uçastogynyň açylyş wagty soň yglan ediler.


Bu saýlawlar Eýran Yslam Respublikasynyň taryhynda 14-nji Prezident saýlawy bolar.