Turkmenportal logo
08.06.24
85968596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin: BRIKS-iň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 36 göterime çenli artdy

BRIKS guramasynyň agza döwletleriniň dünýä JIÖ-indäki paýy 36 göterime, planetanyň ilatyndaky paýy bolsa 46 göterime çenli artdy diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PHYF) plenar ýygnagyndaky çykyşynda aýtdy.


«BRIKS-e täze agzalar goşuldy, olar Saud Arabustany, Eýran, Birleşen Arap Emirklikleri, Müsür we Efiopiýa. Netijede, biziň dünýäniň JIÖ-indäki paýymyz 36 göterime çenli ýokarlandy, planetanyň ilatynda bolsa, 36 göterime ýetdi» diýip, Putin aýtdy.


Putin BRIKS-iň täze agzalaryň birleşmegi üçin uly mümkinçiliklere eýedigini, Russiýanyň olaryň kabul edilmegine oňyn garaýandygyny we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlarynyň şeýle ymtylmasyny goldajakdygyny nygtady.


Bu barada «Ren.tv» habar berýär.