Turkmenportal logo
05.06.24
1738217382
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iň gymmat sygyr Braziliýada ýaşaýar

Nelor tohumyndan bolan «Viatina-19» lakamly sygyr Braziliýada 4,3 million dollara satyldy we dünýäde iň gymmatbaha sygyr boldy. Ony ýerli fermalaryň biriniň seleksionerleri satyn aldy diýip, «MIR 24» ýazýar.


Olar sygryň tohumyny köpeltmek isleýärler. Onuň diýseň näzik we süýji eti bar. Özem örän çydamly, yssyny ýeňil geçirýär, az iým bilen hem oňat agram toplaýar. Onsoňam derisiniň galyňlygy sebäpli bu tohum sygyrlar üçin mör-möjekler hiç hili howply däl.


Braziliýa bu tohum mallar geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Hindistandan getirilipdir.