Turkmenportal logo
21.05.24
1219312193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy

Türkmenistanyň paýtagtyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde, 19-njy maýda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň we EYR-niň beýleki resmi adamlarynyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly gynanç kitaby açyldy.


Eýranyň Medeniýet merkezinde «Turkmenportal-a» habar berlişi ýaly, Türkmenistanda ýaşaýan we bolýan EYR-niň raýatlary, şeýle hem ähli isleg bildirýänler iş wagty merkeze baryp bilerler hem-de kitapda gynanç ýazgylaryny we medet beriji sözlerini galdyryp bilerler.