Turkmenportal logo
13.05.24
1697016970
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen woleýbolçylary Milletler ligasy ― 2024-däki ilkini ýeňşini gazandylar

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Pakistanda geçirilýän Milletler ligasyndaky ilkinji ýeňşini 12-nji maýda gazandy.


Şol gün türkmen woleýbolçylary Gyrgyzystan Respublikasynyň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler. Bu duşuşyk ýaryşyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde geçirildi. Birinji tapgyrda bolsa türkmen ýygyndysy eýranly woleýbolçylardan 2:3 hasabynda ýeňlipdi.


Ýaryşa Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Şri-Lankanyň, Owganystanyň hem-de ligany kabul ediji tarap bolan Pakistanyň ýygyndy toparlary gatnaşýarlar.