Turkmenportal logo
08.04.24
1434814348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Arkadag şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.