Turkmenportal logo
30.03.24
1219512195
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Köpetdag» myhmançylykda «Merwden» asgyn geldi

«Köpetdag» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynda myhmançylykda «Merwden» asgyn geldi.


Mary şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.


Ýeňijileriň düzüminde gollaryň ikisini hem Guwanç Berdimyradow (14, 38) öz adyna ýazdyrdy. Myhman topardan bolsa Döwletmyrat Seýitmuhammedow (51) tapawutlandy.


Bu ýeňliş «Köpetdag» üçin TÝL-iň şu möwsümindäki ilkinji şowsuzlyk boldy. Mundan ozal Tofik Şükürowyň şägirtleri «Aşgabat» we «Energetik» bilen deň oýnapdylar.


«Merw» 5-nji tapgyrda 3-nji aprel güni «Energetik» bilen duşuşar. «Köpetdag» bolsa şol gün «Şagadamy» kabul eder.