Turkmenportal logo
23.03.24
1681916819
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Krokusdaky» terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň «Crocus City Hall» konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär.


— Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris — diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habarda bellenilýär.


Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) habaryna görä, terrorçylykly hüjüm netijesinde 40 adam aradan çykyp, 100-den gowrak adam ýaralandy.