Turkmenportal logo
20.03.24
1749917499
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çäre geçirildi

Şu günler ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenip geçilýär.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw binasynyň öňünde, açyk asmanyň astynda gurnalan baýramçylyk çäresine agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.


Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Garaşsyz Watanymyzy we Milli bahar baýramyny wasp edýän aýdym-sazlar we goşgy setirleri ýaňlandy. Tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bolsa dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.


Bu günki gün Nowruz baýramy türki dünýäsiniň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Häzirki zaman sungat ýörelgelerini utgaşdyryp, medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.