12-nji martda Türkmenistanda geçirilen Italiýanyň dizaýn hepdeliginiň çäklerinde «Hermitage Home Interiors» şowrumynda meşhur italýan arhitektory Andrea Kaputo bilen duşuşyk geçirildi.
Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň öňdebaryjy arhitektorlarynyň we dizaýnerleriniň gatnaşmagynda guralan tanyşdyryş çykyşy binagärlik we dizaýn pudagynda pikir alyşmak hem-de tejribeleri paýlaşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.
Işe hyjuwlandyrýan çemeleşmesi bilen meşhur bolan Andrea Kaputo inklýuziwlik, innowasiýalar we dowamlylyk arkaly gymmatlyklary döretmekde tejribesini we insaýtlaryny paýlaşdy. Ol dizaýn pudagyndaky häzirki zaman tendensiýalary we wezipeler barada özboluşly garaýşyny hödürledi, pikir alyşma duşuşygyny hünär tejribesi we üstünlikli taslamalaryň mysallary bilen baýlaşdyrdy.

Çärä gatnaşyjylar binagäre öz soraglary bilen ýüzlenip, onuň işi we soňky alyp barýan taslamalary, şol sanda Milanyň täze binagärlik we dizaýn merkezi — «Dropcity» barada köp sanly gyzykly maglumatlary öwrendiler.
Bu duşuşyk italýan we türkmen dizaýn jemgyýetleriniň arasyndaky dialogy ösdürmek, bilim we tejribe alyşmak, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin nobatdaky ädim boldy.
«Hermitage Home Interiors» şowrumy ýokary hilliligi, innowasiýa çözgütleri hem-de durnuklylyga berýän uly ünsi bilen tapawutlanýan italýan dizaýny we önümleri baradaky tanyşlyk duşuşyklaryň geçirilýän meýdançasy bolup hyzmat etmegini dowam etdirýär.
Türkmenistanyň ýaşaýjylary meşhur italýan önümleri bilen tanyşmak üçin şu salgyda ýerleşýän şowruma baryp bilerler: S.Seýdi köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi, 1-nji gat.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgisi: (+993 12) 41 59 02;
- elektron poçta salgysy: info@hermitage.tm;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy;
- resmi web saýty: hermitage.tm.

