Turkmenportal logo
11.03.24
1631316313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bagbanlar dünýä bazarynda çakyryň köpdügi üçin üzümçilik meýdanlaryny ýakýarlar
Surat:gazeta.ru

Dünýä bazarynda çakyryň gereginden artykdygy hasaba alyndy, şonuň üçin üzümçilik bilen meşgullanýan fermerler öz üzümçilik meýdanlaryny otlap başladylar. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Mysal üçin, Awstraliýada ýerli ýaşaýjy Toni Taunsend 2023-nji ýylda özüniň 14 gektary eýeleýän üzümçiliginiň ýarysyny otlap ýok etdi. Eger şeýle etmedik halatynda ol 23 müň ýewro ýitgi çekjekdi. Taunsend geljekde ykdysady taýdan bähbitsizdigi üçin çakyr önümçiliginden ýüz öwürmekçi bolýar.


«Riverland Wine» pudak toparynyň ýerine ýetiriji direktory Lindall Rouň aýtmagyna görä, Awstraliýanyň çakyr ýasaýjylarynyň 25 göterimi geljeginiň ýokdugy üçin öz işewürligini bes etmekçi bolýar. «Bloomberg» neşiri dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem şeýle ýagdaýyň dörändigini ýazýar. Dünýäde çakyr önümçilgi soňky 60 ýylda iň pes derejä düşen hem bolsa, onuň gorlary çakdanaşa köp.


Munuň ýene bir sebäbi dünýäde alkogolly içgilere islegiň azalmagydyr.