Turkmenportal logo
09.03.24
1601716017
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşi döredildi

“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 8-nji martda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen kabul edildi.