Turkmenportal logo
06.03.24
1494214942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zenanlaryň 8-nji martda islegli sowgatlary boýunça pikir soralyşyk geçirildi
Surat: eli.ru

Russiýada hünärmenler zenanlaryň 8-nji mart baýramçylygynda nähili sowgatlary almagy arzuwlaýandygyny anyklamak üçin ýörite pikir soralyşyk geçirdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.


Sanawda ilkinji orny gül çemenleri eýeledi, olaryň zenanlaryň üçden bir bölegi sowgat almak isleýär. Zenanlaryň 12 göterimi syýahata gitmegi, 9 göterimi özlerine göwün halan zatlaryny satyn almak üçin pul sowgat berilmegini isleýärler. Zenanlaryň käbiri gymmatbaha şaý-sepleriň sowgat edilmegini isleýär, olar 7 göterim. 6 göterimi dürli gajetleriň sowgat berilmegine garaşýar.


Pikir soralyşygy guranlar zenanlaryň arzuwlarynyň hemişe hasyl bolup barmaýandygyny belleýärler. Hakykatda zenanlaryň ýarysyndan gowragy gül sowgat alýarlar, 16 göterimi süýjülikleri, 13 göterimi parfýumeriýa we kosmetika, 6 göterimi pul sowgat alýarlar. Iň gynandyryjy ýagdaý bolsa, zenanlaryň 14 göterimine hiç hili sowgat berilmeýär.