Turkmenportal logo
01.03.24
2212422124
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Zenan kalby – zemin görki» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi

1-nji martda paýtagtymyzyň «Gül Zaman» toý mekanynda Ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda ýetip gelýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.


Halkara zenanlar güni döwlet derejesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar.


Ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlar bu günki gün, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda her bir iş gününi ýokary zähmet görkezijilerine beslemek hyjuwy bilen has-da tutanýerli zähmet çekýärler.


Baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazlar, goşgular, wäşi artistleriň sahnalary, tans çykyşlary bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.