Turkmenportal logo
28.02.24
2198921989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-özbek serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler geçirildi
Surat: dunyo.info

21 — 27-nji fewral aralygynda Türkmenabat şäherinde Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Özbegistanyň «Uzdaily» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, iş toparynyň mejlisiniň barşynda türkmen-özbek döwletara serhediniň çäkleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


21-27-nji fewralda geçirilen ýygnakda Özbek-Türkmen döwletara serhedini kesgitlemek boýunça işler dowam etdirildi.


Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň geçen gezekki mejlisi 5 — 11-nji ýanwarda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirildi.