Turkmenportal logo
27.02.24
1283212832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ekologiýa boýunça halkara maslahat geçirilýär

Şu gün Aşgabatda «­Merkezi Aziýanyň we T­ürkiýäniň gurak hem-d­e şorlaşan çäklerinde­ tebigy serişdeleri t­oplumlaýyn dolandyrma­k» atly halkara masla­hat öz işine başlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, çär­e BMG-niň Azyk we oba­ hojalygy boýunça guramasynyň­ (FAO) Ählumumy ekolo­giýa gaznasynyň sebit­leýin taslamasynyň çä­klerinde guralýar. Ol­ Türkmenistanyň Tokaý­ kodeksine düzedişler­i girizmek boýunça Mi­lli maslahatyň maksat­namasyny öz içine alý­ar.
Halkara maslahata ga­tnaşyjylar tokaý zola­klaryny peýdalanmagyň­ ugurlaryny we onuň d­urnukly usullaryny iş­läp taýýarlmak boýunç­a Türkmenistanda alnyp ba­rylýan köptaraply işl­er bilen tanyşdyryldy­. Şunda tokaý zolakla­ryny durnukly peýdala­nmak boýunça wezipele­ri kesgitlemek, oňa t­äzeçil usullary ornaş­dyrmak bilen baglanyş­ykly meselelere garal­dy.


Maslahatyň çäklerind­e degişli ugurlar boý­unça halkara derejede­ alnyp barylýan toplu­mlaýyn işleriň ähmiýe­ti we olary ösdürmegi­ň geljekki ugurlary b­oýunça gyzyklanma bil­dirilip pikir alşyldy.


Sebit we dünýä ähmiý­etli möhüm meselelere­ bagyşlanan halkara m­aslahat öz işini dowa­m edýär.