Turkmenportal logo
19.02.24
3522935229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti tejribeli diplomatlary sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň alty sany tejribeli diplomatyny «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady. Döwlet Baştutany degişli Karara her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.


Kararda bellenilişi ýaly, diplomatlar Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünlikleri hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sylaglandylar.


«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen:


  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar Berdiniýazow;
  • Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramow;
  • Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrow;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadow;
  • Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýew;
  • Soltan Pirmuhammedow (merhum) sylaglandy.

«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany 2021-nji ýylda döredildi. Bu sylag Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda uly üstünlikleri gazanan hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda halal, göreldeli zähmet çeken tejribeli diplomatlara berilýär.