Turkmenportal logo
15.02.24
2577525775
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Stubba Finlýandiýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Finlýandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Aleksandr Stubba berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.