Turkmenportal logo
13.02.24
2783727837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy. Bu barada TDH habar berýär.


Şeýle-de habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myratgeldi Jepbarowiç Jepbarowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.