Turkmenportal logo
10.02.24
5695556955
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Kakadurdyýewiç Germanowy, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu wezipä Myrat Akmyradowiç Mämmedowy belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.


Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara şu gün --- 9-njy fewralda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.