2024-nji ýylyň 6-njy fewraly — Türkiýede we Siriýada, takmynan 60 müň töweregi adamyň pida bolmagyna sebäp bolan weýrançylykly ýer titremesiniň ýyllygy. Bu günde tutuş şäherler ýer bilen ýegsan bolup, diňe harabalyklar galdy diýip, MIR 24 habar berýär.
Gije-gündiziň dowamynda bolup geçen onlarça güýçli ýerasty sarsynlar 160 müň binany ýykyp-ýumrup, 60 müňe golaý adamy harabalygyň astynda galdyrdy. 7.8 ball magnitudaly güýçli ýer titremesi Türkiýäniň 11 welaýatyna we Siriýanyň birnäçe şäherine täsirini ýetirdi.
Dünýä bu betbagtçylyga biperwaý garamady. Ýüzlerçe döwletler harasadyň pidalaryna kömek berdi, ynsanperwerlik goluny uzadyp, halas ediş işgärleri we maliýe serişdeleri bilen ýardam etdi.
Bu hadysadan bir ýyl geçenden soň, Türkiýe betbagtçylyga garşy göreşmäge kömek edenleri sylag-sarpa bilen ýatlaýar: halas edijiler, meýletinçiler, lukmanlar, şeýle-de heläkçiligiň pidalary hemişelik hakydalarda ýaşarlar. Bu aýylganç ýitginiň netijesinden soň, häzirem 700 müň adam öýsüz ýaşaýar.