Dünýäde tebigy gazyň sarp edilişiniň möçberleri 2050-nji ýylda 26 göterim artar. Bu barada Russiýanyň «Gazprom» döwlet edarasynyň çaklamasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Mundan başga-da, atom elektrik beketleriniň işläp çykarýan energiýasynyň sarp edilişi bu döwürde 5, suw energetikasy 3 we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň sarp edilişi 17 göterim ýokarlanar.
Emma 2025-nji ýyla çenli nebitiň ulanylyşy 24 we kömrüň sarp edilişi 13 göterim azalar diýlip, «Gazprom» edarasynyň çaklamasynda aýdylýar.

