Turkmenportal logo
24.01.24
2063620636
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanda dag üstündäki Sewan köli doňdy
Surat: am.mir24.tv

Ermenistanda beýik dagyň üstündäki Sewan köli buzluk bilen örtüldi. Soňky gezek kölüň suwy 2017-nji ýylda doňupdy. Ýerli ýaşaýjylar indi bu ýere typmak üçin gelýärler diýip, «MIR 24» habar berýär.


Kölüň ýüzündäki buzlugyň howpsuzlygyny meýletinçiler barlaýarlar, olar Sewana yzygiderli gelip, Sewanyň buzunyň galyňlygyny ölçäp durýarlar. Eger buzuň ýuka ýeri bar bolsa, ýörite bellik edýärler.


Köl soňky gezek mundan ýedi ýyl öň buz bilen örtüldi. Bu suw howdany üçin peýdalydyr, sebäbi suw bugarmaýar. Netijede, Sewan million tonna golaý suw tygşytlaýar.