Turkmenportal logo
21.01.24
121556121556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oleg Kononenko Aşgabadyň kosmosdan alnan gijeki fotosuratyny paýlaşdy
Oleg Kononenko Aşgabadyň kosmosdan alnan gijeki fotosuratyny paýlaşdy

Russiýanyň asly türkmenistanly kosmonawty Oleg Kononenko Aşgabat şäheriniň gije Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) bortundan düşürilen suratyny paýlaşdy. Bu suraty «Roskosmos» döwlet korporasiýasy sosial media ulgamyndaky resmi sahypasynda ýerleşdirdi.


«Ak, sary, gyzyl we ýaşyl — ýagtylygyň dürli öwüşginleri garaňkylyga aralaşýar. Şäheriň ýagty çyralary gan damarlary mysaly ýollar bilen birleşip, uly ýyldyzlar toplumyna çalym edýär» — diýen teswir bilen hem bu surat internet sahypasynda neşir edildi.


Kononenko Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşýän Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de önüp-ösdi. Häzirki wagtda ol «Roskosmos» kosmos işi boýunça döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar otrýadynyň tälimçi-synag ediji kosmonawtydyr. O.Kononenko 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada eýe boldy.