Turkmenportal logo
16.01.24
2786427864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Türkmenistana geler

17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Bu sapar wise-prezident Margaritis Shinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 15 — 17-nji ýanwar aralygynda Merkezi Aziýada bolmagynyň çäklerinde amala aşyrylýar.


Saparynyň barşynda M.Shinasyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.


«Sapar Ýewropa Bileleşigi bilen sebitiň arasyndaky barha artýan hyzmatdaşlygyň subutnamasyna öwrüljek «Ýewropa — Merkezi Aziýa» maýadarlar forumynyň bosagasynda guralýar» diýip, ÝK-nyň wise-prezidenti «X» sahypasynda habar berdi. Bu forum 29-30-njy ýanwarda Brýusselde geçiriler.