2023-nji ýylda Ahal welaýatynyň kitaphanalarynda okyjylara döwrebap hyzmatlar amala aşyryldy. Şanly ýylda kitaphanalara täze ýazylanlaryň sany 10 müň 117-ä ýetip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 106 müňden geçdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Geçen ýylda welaýatyň kitaphanalaryndaky dürli mazmunly kitaplaryň 431 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 65 müňe, çeper edebiýatlaryň 149 müňe, çagalar edebiýatlarynyň 122 müňe, beýleki neşirleriň 96 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany, ozalky ýyla garanyňda, ep-esli artdy diýlip, habarda bellenilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, welaýat kitaphanasynyň we etrap merkezi kitaphanalarynyň işgärleri tarapyndan kitaplaryň 10 müňe golaýy elektron kataloga salyndy.

