Täze ýylyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry çagalar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Şeýle hem welaýatda gyşky dynç alşyň dowamynda teatrda çagalar üçin şowhunly konsertler hem guralýar. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze ýylyň ady bilen baglanyşykly «Altyn balyk» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Çagalar üçin niýetlenilen sahnany teatryň oýny goýujy režissýory Şöhrat Maşeripow sahnalaşdyrdy.
Habarda bellenilişi ýaly, bu oýnunda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklar, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýörelgeleri, milli däp-dessurlar çeper beýan edilýär.