Turkmenportal logo
04.12.15
1140511405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medalynyň eýelerine sylaglar gowşuryldy

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisinde, Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda, Aşgabat şäher häkimliginde, Senagat, Ykdysady, Nebitgaz, Oba hojalyk, Söwda toplumlarynyň binalarynda,   Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda, demir ýol ulaglary hem-de bilim ministrliklerinde  döwlet sylagyna—Türkmenistanyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyna mynasyp bolan raýatlary sylaglamak dabaralary geçirildi. Ildeşlerimiziň ýüzlerçesi döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda kabul etdiler.