Şu hepde Aşgabatda Täze ýyl konsertini beren meşhur rus aýdymçysy Nýuşa, mähirli garşlynandygy, tomaşaçylaryň gyzgyn goldawy, myhmansöýerlik we «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň gowşurylandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Ol bu barada özüniň sosial tordaky sahypasynda ýazgy paýlaşdy.
«Men siziň topargyňyzda çykyş etmekden we size öz aýdymlarymy hödürlemekden bagtyýar» diýip, Nýuşa ýazýar.
Aýdymçy bu ýazgysy bilen bilelikde türkmen paýtagtyndan düşürilen suratlary we «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly nyşany dakynyp duran suratyny hem paýlaşypdyr.
Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri üçin rus aýdymçysy Anna Suroçkina (Nýuşa) «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at bilen sylaglanyldy.
