Turkmenportal logo
27.12.23
2614526145
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag» futbol toparyna awtobus sowgat berdi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ýaşlar maslahatynyň barşynda «Arkadag» futbol klubyna Germaniýanyň MAN brendine degişli awtobus gowşuryldy. Bu awtobus topara Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgadydyr.


Bu sowgadyň binýadynda toparyň ilkinji möwsümindäki üstünlikleri dur. Şu ýyl toparyň Türkmenistanyň çempiony bolandygyny we Kuboga mynasyp bolandygyny ýatladýarys.


Toparyň täze awtobusy onuň nyşany, meşhur Akhan atly bedew we Köpetdagyň görnüşi bezeýär.


Arkadag şäheriniň adybir futbol toparyna 43 ýaşly hünärmen Wladimir Baýramow tälim berýär.