Turkmenportal logo
27.12.23
4447644476
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mähirli Zenan» Modalar öýi Aşgabatda geçirilýän ýaşlaryň dabarly maslahatynda täze egin-eşik toplumyny tanyşdyrdy

27-nji dekabrda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň çäklerinde Aşgabatda «Juwanlyk gözelligi» atly moda görkezilişi geçirildi.


Onda Türkmenistanyň «Mähirli Zenan» Modalar öýi täze egin-eşik toplumyny tanyşdyrdy.


«Mähirli Zenan» brendi gözelligi we milli däp-dessurlary özünde jemleýän lybaslary döredýär. Egin-eşik toplumlary tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekleri, el keşdeleri we şarflar bilen bezelen milli donlary hem-de ýaglyklary öz içine alýar. Olar bedeniň gözelligini öňe çykarýarlar we gaýtalanmajak özboluşly keşbi döredýärler.



Myhmanlaryň bellemeklerine görä, täze egin-eşik toplumy Türkmenistanyň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär.


«Mähirli Zenan» – moda ulgamynda geçirilýän ýaryşlara we görkezişlere yzygiderli gatnaşýar. Kompaniýa milli moda pudagynyň ösmegine we türkmen medeniýetiniň meşhurlygynyň artdyrylmagyna goşant goşýar.