Turkmenportal logo
20.12.23
2492024920
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«NG Kutahya» dükany keramika granit örtükleriniň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

«NG Kutahya» santehnika we gurluşyk materiallarynyň dükanynda dürli öndürijileriň keramika granitden öndüren pol we diwar örtükleriniň giň görnüşleri alyjylara ýetirilýär.


Bu ýerde satylýan materiallaryň tapawutly aýratynlygy — olaryň hil ülňülerine we ekologiýanyň üpjün edilmegine laýyk gelýändigi bilen baglydyr. Dükanda hödürlenýän wannalar we hajathanalary abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen syrçaly hem ýalpyldawuk, tebigy daşlaryň we beýleki görnüşleriň şekilleri bolan uly göwrümli keramika granit plitalary alyjylaryň ünsüni çekýär. Şeýle plitalaryň ölçegi dürli-dürli bolup, 60x120 sm-den 160x320 sm çenlidir. Pol we diwar plitalarynyň uly ölçegleri bolsa otagy kiçi plitalardan tapawutlylykda, has tiz abatlap tamamlamaga, nagyşlaryň we şekilleriň köp görnüşleriniň bolmagy hem interýeri islendik stilde bezemäge mümkinçilik berýär.



Dükanyň maslahatçylary gerekli harydyňyzy dogry saýlap almaga kömek ederler. Olar keramika granitiň peýdaly artykmaçlyklary hem-de dürli gurşawda ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň bererler. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz, ýurduň sebitlerine bolsa şetnama esasynda ylalaşyljak bahadan harytlary eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär.


«NG Kutahya» dükanynda 31-nji dekabra çenli ähli harytlara 50%-e çenli arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.


«NG Kutahya» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.


Şeýle-de okaň: