Turkmenportal logo
20.12.23
2716827168
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mançester Siti» dünýäniň klublaýyn çempionatynyň finalyna çykdy
«Mançester Siti» dünýäniň klublaýyn çempionatynyň finalyna çykdy

«Mançester Sitiniň» futbolçylary Saud Arabystanynda geçirilýän dünýäniň klublaýyn çempionatynyň ýarym finalynda Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, finala çykdylar.


Ýeňiji toparyň gollaryny 52-nji minutda Mateo Kowaçiç, 59-njy minutda Bernardu Silwa geçirdi. Şeýle hem birinji ýarymyň ahyrky sekuntlarynda (45+1) ýapon toparynyň goragçysy Marius Heýbroten öz derwezesine pökgi geçirdi.


«Mançester Siti» final duşuşygyny şu hepdäniň duşenbe güni Müsüriň «Al-Ahlisini» 2:0 hasabynda ýeňen Braziliýanyň «Flumenensesi» bilen geçirer. Final duşuşygy 22-nji dekabrda bolar.