Turkmenportal logo
13.12.23
8172281722
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2024-nji ýyl üçin Aşgabat — Moskwa ugry boýunça onlaýn petek satuwy başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda 2024-nji ýyl üçin Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ýolagçy gatnawlary boýunça onlaýn petek satuwyna başlady.


Aşgabatdan Moskwa uçuş üçin petegiň bahasy häzirki wagtda 3 778,3 TMT, Moskwadan Aşgabada bolsa 3 529 TMT.



2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, uçuşlar yzygiderli amala aşyrylar — her ugurda hepdede 4 gezek. Uçarlar Aşgabatdan sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri we Moskwadan bolsa duşenbe, sişenbe, çarşenbe we anna günleri göge galarlar.


Türkmenistanyň milli howa gatnawynyň 15-nji dekabrdan Moskwa gatnawlaryny täzeden başlajakdygyny ýatladýarys. Bu ugurda uçuşlar ozal 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan togtadyldy.