Turkmenportal logo
11.12.23
2833028330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Hawýer Herardo Mileýe Argentina Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Argentina Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.