Turkmenportal logo
03.12.23
3132131321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby Aşgabat şäherinde geçirilen oýunda «Altyn asyrdan» üstün çykyp, wagtyndan öň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çempion boldy. «Nisa» stadionynda bolan duşuşyk 4:0 hasabynda Wladimir Baýramowyň şägirtleriniň peýdasyna tamamlandy.


Ýeňiji bolan toparyň düzüminde ýarymgoragçy Welmyrat Ballakowyň (44, 68) we hüjümçi Didar Durdyýewiň (58, 60) hersi iki gezek tapawutlandy.


Şeýlelikde, «Arkadag» topary utuklarynyň sanyny 60-a ýetirip, ýaryşyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda çempionlygy kepillendirdi. Ikinji orundaky «Altyn asyrda» bolsa 44 utuk bar. Bu üstünlik Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» toparynyň taryhyndaky ilkinji çempionlykdyr.