Turkmenportal logo
02.12.23
1816018160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdiSurat: belta.by

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan möçberi 30 milliard amerikan dollaryna deň bolan täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi. Ol bu barada Dubaýda geçýän Bütindünýä howa forumynda habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.


Gazna ählumumy howa çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin ýöriteleşer.


Düýn Dubaý şäherinde 28-nji Bütindünýä howa sammiti (COP-28) öz işine başlady, oňa 150 töweregi ýurduň wekilleri gatnaşýarlar.


Sammit iki gün dowam eder. Onda ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, ýaşyl energiýa, has pes ösen ýurtlary howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňmekde maliýe taýdan goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.


Şeýle-de okaň: