Turkmenportal logo
01.12.23
3089130891
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler
Türkmenistanda Ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler

Dekabr aýynda Türkmenistanda Ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler.


Festiwalyň açylyş dabarasy 15-nji dekabrda sagat 17:30-da Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler.


Festiwal Aşgabatda 17-nji dekabra çenli dowam eder. Onda degişli yzygiderlilik boýunça aşakdaky filmler görkeziler:


  • 15-nji dekabr sagat 18:00-da — Asmandaky restoran» filmi;
  • 16-njy dekabrda sagat 18:00-da — «Diňe pişik bilýär» filmi;
  • 17-nji dekabrda sagat 18:00-da «Takeşi Ýaşironyň animasiýasy» filmi.

23-nji dekabrda festiwal öz işini Türkmenabat şäherinde dowam etdirer. Açylyş dabarasy sagat 14:45-de Medeniýet merkezinde geçiriler. Şol gün degişli yzygiderlilik boýunça aşakdaky filmler görkeziler:


  • Sagat 15:00-da «Takeşi Ýaşironyň animasiýasy» filmi;
  • Sagat 17:00-da « Diňe pişik bilýär» filmi.

Festiwala girmek ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.


Festiwalyň maksatnamasy