Turkmenportal logo
29.11.23
2899128991
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasy Ýerine ýetirji wise-prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasy Ýerine ýetirji wise-prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 28-nji noýabrda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) täze bellenilen Ýerine ýetirji wise-prezidenti Nobutaka Maekawanyň bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.


Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşy barada pikir alyşdylar. Hususan-da, ýapon tarapy kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň arasynda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bilen bagly zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny habar berdi.