Turkmenportal logo
27.11.23
1863718637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wise-premýer T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistanda iş saparynda bolar

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


TDH habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu babatda degişli Buýruga gol çekdi.