Turkmenportal logo
21.11.23
3021430214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amanow türkmen ýygyndysynyň janköýerleri begendirip biljekdigine ynanýar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow DÇ ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Gonkongyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy:


― Toparymyz taktiki we fiziki başarnyklaryny güýçlendirmek üçin yyzgiderli işleýär. Ähli maksadymyz ― ýeňiş. Gonkongyň güýçli garşydaşdygyny bilýäris, ýöne öz güýjümize hem ynanýarys. Zähmetimiziň ýerine düşüp, janköýerlerimizi begendirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.


Gonkong ― Türkmenistan duşuşygy 21-nji noýabrda Gonkong stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.