Turkmenportal logo
10.11.23
4869748697
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti daşary ýurtly talyplary biologiýa olimpiadasyna çagyrýar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýerli we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny biologiýa boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.


Olimpiada 6-njy dekabrda geçiriler we talyplara biologiýa ugrundaky bilimlerini görkezmäge, şeýle hem halkara aragatnaşygy ýola goýmaga hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden ýaşlar bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.


Internet olimpiadasy barada goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň resmi web sahypasynda «Olimpiada 2023» bölüminde ýerleşdiriler. Hasaba alyş 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 18:00-a çenli dowam eder.


Maglumat üçin telefon belgileri: (+993 12) 48-99-32, (+993 63) 58-51-11.


E-poçta: tdlu.olimp23@gmail.com