Turkmenportal logo
07.11.2023
3355533555
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanlylar Russiýa syýahat etmekde ilkinji bäşlikde
Surat: horosho-tam.ru

2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Russiýa Federasiýasyna syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada «TASS» habar berýär.


Hasabat döwründe 23,6 müň sany türkmenistanly Russiýa syýahat edip, Türkmenistan bu ugurda bäşinji orna ýerleşdi. Degişli sanawda birinji ýeri 105,8 müň sany raýaty syýahatçylyk maksatlary bilen Russiýa baran Hytaý eýeledi. Sanawda ikinji orunda Germaniýanyň (42,1 müň syýahatçy), üçünji ýerde Türkiýäniň (33,7 müň syýahatçy) hem-de dördünji basgançakda Eýranyň (25,6 müň syýahatçy) ady getirilýär.


Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Russiýa baran daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 429 müňe barabar bolupdyr.