Turkmenportal logo
26.10.23
2672826728
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Türkiýä elektrik energiýasyny we tebigy gazy ibermäge taýýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny aýtdy.


TDH-nyň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamynyň giň orun tutýandygyny nygtady. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar.


— Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.