Turkmenportal logo
23.10.23
3374433744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilýän Orhus merkezleriniň ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen Orhus merkezleriniň ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy.


Ashgabat.in saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady Orhus konwensiýasyny durmuşa geçirmek babatda Günorta-Gündogar Ýewropanyň, Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň 14 ýurdunda hereket edýän Orhus merkezleriniň arasynda tejribe we bilim alyşmakdan ybarat boldy.


Duşuşyk şu aşakdaky tematiki mejlisleri öz içine aldy:


  • Orhus merkezleriniň daşky gurşaw bilen bagly çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň gatnaşmagyny höweslendirmekde tutýan orny;
  • Ýaşyl ykdysadyýet ýörelgelerini öňe sürmek;
  • Orhus merkezleriniň howply we zäherli galyndylary dolandyrmakdaky goşandy.

Ýeri gelende bellesek, Aşgabatdaky Orhus merkezi şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp, özüniň bu ugurdaky tejribesini we pikirlerini paýlaşýar. Hususan-da, Duşenbedäki duşuşykda türkmen wekiliýeti maglumat gorlaryny wagtal-wagtal täzelemegiň zerurdygyny hem-de Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze Orhus merkezlerini döretmek arkaly işjeňligi giňeltmek isleýändiklerini nygtadylar.


Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Duşenbäniň 24 kilometr günbatarynda ýerleşýän «Gadymy Gissar» taryhy we medeni goraghanasyna, Merkezi Aziýanyň iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan Nurek gidroelektrik stansiýasyna hem-de Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördüler.


* * *


«Daşky gurşaw meselelerinde maglumat elýeterliligi, çözgütleri kabul etmekde jemgyýeçiligiň gatnaşmagy we adyl kazyýetiň elýeterliligi baradaky» konwensiýa (Orhus konwensiýasy) 1998-nji ýylyň 25-nji iýunynda Daniýanyň Orhus şäherinde 38 ýurt tarapyndan gol çekildi.


Türkmenistan bu Konwensiýa 1999-njy ýylyň 30-njy aprelinde goşuldy. 2012-nji ýylda bolsa Aşgabatdaky Orhus merkezi esaslandyryldy. Merkeziň edarasy häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binasynda ýerleşýär.