Turkmenportal logo
20.10.23
6962569625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, onuň ugrunda täze köprüleri gurmak meýilleşdirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.


Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, wise-premýer Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Bu ýoluň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelýän, sil-suw akabasynyň hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer.


Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat–Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.