Turkmenportal logo
19.10.23
1639716397
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogyndaky ikinji duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogyndaky ikinji duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy şu gün Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa sebitiniň dördünji toparçasyndaky ikinji duşuşygyna çykar. Kuweýtiň ýygyndysy bilen geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 12:-00-da başlanar.


Duşuşyk üç döwden ybarat bolar. Bu duşuşyklarda türkmen ýygyndysyna Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow we Atlymyrat Gurbanow wekilçilik eder.


Türkmen ýygyndysy ýaryşyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 0:3 hasabynda ýeňildi. Kuweýt bolsa Guamy şol hasap bilen ýeňdi.