Turkmenportal logo
16.10.23
3201232012
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açylýar
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açylýar

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ertir — 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Türkmen alabaýy — 2023» atly zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi açylýar.


Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty boýunça milli miras bilen birlikde, türkmen alabaý itlerine degişli eserler görkeziler.



Sergide 200-den gowrak eser hödürlener.



Emin agzalary şu ýyl 29-njy oktýabrynda bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda bäsleşigiň netijelerini jemlärler.


Sergi sagat 15:00-da açylar.


Ozal biz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleriň geçiriljekdigi barada habar beripdik.