Turkmenportal logo
07.10.23
6455664556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow ― Rozanski tutluşygyna nireden tomaşa edip bolar?

7-nji oktýabrdan 8-nji oktýabra geçilýän gijede Bellator 300 promouşeni geçiriler. Onda türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow polşaly Maseý Rozanskiý bilen güýç synanyşar.


Bellator 300-e nireden tomaşa edip bolar?


Bellatoryň tutluşyklaryny göni ýaýlymda ýetirmek hukugy «Showtime»-a degişli. Bellator 300 8-nji oktýabr gijesi Aşgabat wagty bilen sagat 04:00-da başlanar. Şeýle hem tutluşyklara Bellatoryň YouTube-däki resmi kanaly arkaly tomaşa edip bolar.


Tutluşyl ABŞ-nyň San-Diego şäherindäki «Pechanga Arena» toplumynda geçiriler. Ýagşymyradow ― Rozanski tultuşygynyň daňdan 06:00-da başlanmagyna garaşylýar.