Turkmenportal logo
07.10.23
1796517965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazygynda gül we týua tohumlary ýygnalyp başlandy
Türkmenistanyň demirgazygynda gül we týua tohumlary ýygnalyp başlandy

Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň topary gülleriň we agaçlaryň tohumlaryny ýygnamagyň güýzki işine başlady.


«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, sebitde dowam edýän maýyl güýz günleriniň howa şertleri bu işler üçin amatlydyr. Ýerli bagbanlar şeýle güneşli howada bişen tohumlary ýygnaýarlar, sebäbi bu olaryň hilini we ýaramlylyk möhletini üpjün edýär.


Mahmal gülleriň, kalendulalaryň, petunýalaryň we beýleki gülleriň tohumlaryny ýygnamak, tohum bilen topary doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.


Bu ýerde ýöriteleşdirilen terstiň bäş gektar ýyladyşhanasynyň we nahallar üçin açyk nahalhanany öz içine alýan zerur nahallary öndürmek üçin öz binýadynyň bardygyny bellemek ýerliklidir.


Habarda bellenilişi ýaly, şu günler şäherde iň köp ýaýran agaçlaryň biri bolan tuýanyň tohumy hem ýygnalýar.


Daşoguzda landşaft dizaýnyna laýyk gelýän, öňden gelýän hemişe gök öwüsýän ýaprakly köpýyllyk agaçlaryň birnäçe görnüşi bar, şol sanda gündogar tuýa we şar görnüşli tuýa hem bar.